Aşgabatda täze söwda-dynç alyş we işewürlik merkezi gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda täze söwda-dynç alyş we işewürlik merkezi gurlar
"Gülzemin" söwda-dynç alyş merkezi, Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda täze söwda-dynç alyş we işewürlik merkeziniň gurulmagy meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Merkezi banky ady agzalan merkeziň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara tenderini yglan etdi. Degişli tender “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde sişenbe güni çap edildi.

Ähli gyzyklanma bildirýän taraplar özleriniň tekliplerini Türkmenistanyň Merkezi bankynyň şäher gurluşygyny maliýeleşdiriş we inžener-tehniki gözegçilik müdiriýetine ibermelidir.

Tender üçin teklipler bildirişiň çap edilen gününden 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýazgy görnüşinde kabul edilýär.

2022