Azerbaýjanly işewürler TDHÇMB-da nah ýüplügini satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjanly işewürler TDHÇMB-da nah ýüplügini satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni geçiren söwdalarynda Azerbaýjandan gelen işewürler nah ýüplügini satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

Azerbaýjanyň işewürleriniň nah ýüplügi satyn almak boýunça baglaşan geleşikleriniň jemi bahasy 1 million 53 müň 722,59 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçi umumy bahasy 51 müň 750 ABŞ dollaryna deň bolan dürli reňklerdäki we dürli ölçegli düz boýalan we žakkard sütükli önümleri satyn aldy. Gyrgyz işewüriniň satyn alan bu önümleri Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň sişenbe güni geçiren söwdalarynda geleşikleriň 3-si hasaba alyndy.

TDHÇMB-da geçen hepdede geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 8 million 799 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022