Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy
Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin, 22-nji noýabr, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini kabul etdi. Ilçi Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Diplomat Türkmenistanyň Prezidentine Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billanyň we Premýer-ministri Anwar bin Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de öz ýurdunda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Malaýziýanyň ýokary ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini möhüm diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini we syýasy taýdan özara ynanyşmagyň yzygiderli berkidilýändigini kanagatlanma bilen belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde iki ýurduň birek-birege goldaw bermek, ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek tejribesine ýokary baha berdi.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Malaýziýanyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin özara bähbitlere doly laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

2022