TDHÇMB-da penşenbe güni $25,5 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da penşenbe güni $25,5 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy
Türkmenistanyň Söwda toplumynyň edara binasy, Arçabil şaýoly, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynyň jemi bahasy 25 million 515 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

BAE-niň we Maltanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýakyş mazudyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 19 million 350 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şeýle hem Türkiýeden we Owganystandan gelen işewür toparlaryň wekilleri jemi bahasy 6 million 165 müň ABŞ dollaryna deň bolan "B" kysymly karbamidi satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önüm “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň penşenbe güni geçiren söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.

TDHÇMB-nyň sişenbe güni geçiren söwdalarynda Azerbaýjandan gelen işewürler nah ýüplügini satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022