“Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Goturdepe we Ekerem buraw işleri müdirliginiň amala aşyran buraw işleriniň netijesinde Uzynada käniniň 78-nji we 82-nji guýularyndan degişlilikde 6655-6659 we 6654-6658 metr çuňlukdan gaz kondensatynyň täze akymy alyndy. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti çarşenbe güni habar berdi.
Şeýle hem Körpeje buraw işleri müdirligi Uzynada käninde №74 guýuda buraw işlerini üstünlikli tamamladylar. Ol ýerde 6662-den 6668 metr aralykda gaz kondensatynyň akymy alyndy. Häzirki wagtda 76-njy we 83-nji guýulary işläp taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär.
Geljegi uly bolan Uzynada känini özleşdirmek boýunça ilkinji işler geçen asyryň 70-nji ýyllarynda başlandy. Emma, buraw işleri 4213 metrde tamamlandy, çünki uglewodorod plastlary ýüze çykarylmady.
Habara görä, 2015-nji ýylda alym-nebitçileriň we geologlaryň ygtybarly hasaplamalaryna esaslanyp, taslama çuňlugy 7150 metr bolan 7-nji synag guýusyny burawlamak kararyna gelindi. Iki ýyllap yzygiderli işiň netijesinde 6689-6695 metrden uglewodorodlaryň kuwwatly akymy alyndy. Soňra ýene-de iki sany burawlandy, olar hem oňyn netije berdiler diýip, habarda bellenilýär.
Bulardan başga-da, “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň gazçylary Tagtabazar gaz känindäki 29-njy belgili ulanyş baha beriş guýusyndan, şeýle hem “Türkmegeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Marynebitgazgözleg” ekspedisiýasynyň burawlaýjylary “Galkynyş” gaz känindäki 312-nji belgili ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar.