“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň burawlaýjylary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän “Uzynada” käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Bu barada penşenbe güni çap edilen “Balkan” gazetinde habar berilýär.
Kärhananyň maglumatlaryna görä, Goturdepe buraw işleri müdirliginiň baýlyk gözleýjileri tarapyndan burawlanan 72-nji hem-de 86-njy belgili guýulardan günde degişlilikde 43 we 44 tonna gaz kondensaty alynar.
Ýene bir guýy — 87-nji belgidäki, “Ekerem” buraw işleri dolandyryşy tarapyndan taslamada görkezilen 6 müň 800 metr çuňlukda geçirilip, häzirki wagtda günde 45 tonnadan gowrak gaz kondensatyny berip başlady.
Önümli guýular tehniki-sazlaýyş işlerinden soň “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazçykaryş” trestiniň “Gumdagnebit” nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi. Guýularyň gazuw işlerinde Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen “ZJ70DB” kysymly buraw enjamlary ulanyldy.
Şu ýylyň fewral aýynda hem “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň burawçylary “Uzynada” meýdançasynda 6 müň 830 metr çuňlukda geçirilen buraw işlerinden soň 85-nji belgili täze guýyny ulanyşa girizipdiler. Onuň günlük önümçiligi 70 tonna nebit kondensatyna we 75 müň kub metr tebigy gaza barabardyr.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


