Türkmenistan tebigy gazyň ekspordyny giňeldilmegini Ählumumy gaz merkezi bilen maslahatlaşdy

BT
Türkmenistan tebigy gazyň ekspordyny giňeldilmegini Ählumumy gaz merkezi bilen maslahatlaşdy
Batyr Amanow bilen Waleri Dýukroň duşuşygy, 2025-nji ýylyň 1-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan ( Surat: Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow duşenbe güni Aşgabatda Ählumumy gaz merkeziniň (Global Gas Centre) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro bilen duşuşdy. Duşuşykda türkmen tebigy gazynyň eksport ugurlarynyň giňeldilmegi boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň habar bermegine görä, taraplar dünýä bazarlaryna gazyň ygtybarly ýetirilişiniň üpjünçiligi boýunça meseleleriň artýan ähmiýeti, sebit energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, howpsuzlygy berkitmek, üpjünçilikleriň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy emele getirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy halkara energetika guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagyna taýýarlygyny tassyklap, Türkmenistanyň sebitde we dünýä derejesinde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tutýan ornuny aýratyn belledi.

Ženewada ýerleşýän Ählumumy gaz merkezi (GGC) — gaz pudagynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri üçin döredilen, döwlete degişli däl guramadyr. Guramanyň esasy maksady energetikany ilerletmek we tebigy gaza degişli meseleleri çözmek.

 

2022