Aşgabada Kuraş dünýä çempionatyna gatnaşmaga 240-dan gowrak türgen geldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabada Kuraş dünýä çempionatyna gatnaşmaga 240-dan gowrak türgen geldi
Aşgabat Halkara howa menzilinde türgenler garşylanýar, Türkmenistan.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesinde geçiriljek Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna gatnaşmaga 50 ýurtdan 240-dan gowrak türgen geldi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Bangladeş, Zimbabwe, Mongoliýa, Kuweýt, BAE, Hindistan, Yrak, Eýran, Kolumbiýa, Rumyniýa, Meksika ýaly ýurtlaryň pälwanlary Olimpiýa şäherçesiniň söweş sungaty toplumynyň meýdançasynda güýç synanyşjak üçin Aşgabada geldiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny ugratdy. “Sizi myhmansöýer türkmen topragynda Halkara kuraş assosiasiýasy bilen özara hyzmatdaşlykda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň gutlag hatynda aýdylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň pälwanlary, şeýle hem Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri ýeňiş gazanmagy niýet edinýärler.

Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriljek dünýä çempionatynda 15 medal toplumy ugrunda 7 erkek we 8 zenan agram derejesinde tutluşyklar meýilleşdirilýär.

Kuraş Merkezi Aziýada dörän we türki halklaryň däp bolan guşakly göreş sporty bolup durýar. Başa-baş söweşiň üç müň ýyllyk taryhynyň bolmagy ony bu sebitde iň meşhur sport görnüşleriniň birine öwrüpdir. 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda döredilen Halkara kuraş assosiasiýasy häzirki wagtda Aziýadan 32, Afrikadan 22, Ýewropadan 33, Demirgazyk we Günorta Amerikadan 22, Okeaniýadan 9 — jemi 118 sany milli sport federasiýasyny özünde birleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022