TDHÇMB-da penşenbe güni $11,5 millionlyk geleşik baglaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da penşenbe güni $11,5 millionlyk geleşik baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda jemi bahasy 11 million 500 müň ABŞ dollaryna deň bolan geleşik baglaşyldy.

Ukrainadan gelen işewür daşary ýurt puluna “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen “B” kysymly karbamidi satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Şeýle hem içerki bazar üçin ýerli telekeçiler dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki boýalan we žakkard sütükli önümleri, taýýar düşekçe toplumlary we çig-ýüpegi satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar. Geleşikleriň umumy bahasy 23 million 18 müň 911 manada deň boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022