“Owadan Ülke” saryýag we şokolad pastasyny tanyşdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Owadan Ülke” saryýag we şokolad pastasyny tanyşdyrdy
“Owadan Ülke” hojalyk jemgyýetiniň “Agro-Pak Türkmenistan — 2023” halkara sergisinde hödürlän önümleri, 2023-nji ýylyň 28-30-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde şu ýylyň 28-30-njy noýabrynda geçirilen azyk we oba hojalyk önümleriniň, olary gaplamagyň döwrebap tehnologiýalarynyň “Agro-Pak Türkmenistan — 2023” atly halkara sergisinde “Owadan Ülke” hojalyk jemgyýeti saryýag we şokolad pastasy ýaly täze önümlerini hödürledi.

Hojalyk jemgyýetiniň hünärmeniniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar bermegine görä, täze önümler zerur bolan ähli sertifikatlaşdyrmak işini üstünlikli geçdi.

Geçirilen söhbetdeşlikde kompaniýanyň hünärmeni “Owadan Ülkäniň” öz önümlerini Azerbaýjana we Gruziýa ibermek boýunça gepleşikleri alyp barýandygyny, şeýle-de Birleşen Arap Emirliklere eksport etmek mümkinçiliklerini öwrenýändigini belledi.

Şeýle hem ýakyn wagtda kompaniýa şekerli goýaldylan süýt önümçiligini ýola goýmagyň hasabyna önümleriniň görnüşleriniň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýär. “Owadan Ülkäniň” Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän önümçilik kärhanasy günde 20 tonna çenli maýonez, her iş çalşygynda hem 60 tonna çenli möwsümleýin gaplama önümlerini öndürmäge ukyplydyr.

2016-njy ýylda esaslandyrylan “Owadan Ülke” hojalyk jemgyýeti “NUR”, “Mylaýym”, “Hazyna” we “Esmo” haryt nyşanly önümlerini sarp edijilere hödürleýär.

2022