Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän COP-28 maslahatynyň çäklerinde BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) Ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Inger Andersen bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany we ÝUNEP-niň Ýerine ýetiriji direktory mähirli salamlaşyp, tebigaty goramak ulgamynda hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň howanyň üýtgemegini durnukly ösüşe täsir edýän möhüm şert hökmünde görýändigini belledi. Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşjek howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmegi teklip edýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamanyň bu ugurda bilelikde işlemek üçin binýat boljakdygyna ynam bildirildi.
Duşuşygyň dowamynda atmosfera metanyň zyňyndylaryny azaltmak meselelerinde özara gatnaşyklar howanyň üýtgemegi ulgamyndaky halkara gün tertibiniň wajyp meseleleriniň hatarynda görkezildi. BAE-niň Dubaý şäherinde anna güni geçirilen COP-28 maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň borçnamadan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi göz öňünde tutýandygy aýdyldy.
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Türkmenistanyň ekologiýa ulgamynda amala aşyrýan işlerine, oňyn başlangyçlaryna hem-de bu ugurda ileri tutulýan ählumumy wezipeleri çözmäge goşýan goşandyna ýokary baha berdi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyklary ýene-de bir gezek tassyklanyldy.