Noýabryň soňky hepdesi: TDHÇMB-da $18,8 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Noýabryň soňky hepdesi: TDHÇMB-da $18,8 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda resminamalar kabul edilýär, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede geçirilen söwdalaryň umumy bahasy 18 million 857 müň 180 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.

Ukrainanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Şeýle hem daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Belarus Respublikasynyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň telekeçilerine portlandsement, tüýjümek önümler, nah ýüplük, aşgarlanmadyk mata, nah galyndylary ýerlenildi.

Türkmenistanyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 30 million 156 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, elde dokalan halylary, tüýjümek önümleri, ýorgan-düşek daşlaryny, nah ýüplügi, çig ýüpegi, çig ýagly turşulyklary, pagta galyndylaryny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022