Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 5-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabatda “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Erik Stýuart Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna wagt tapyp kabul edendigi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, amerikan işewür toparlarynyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan we dürli pudaklarda iri taslamalary durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Aşgabatda 10-njy bilelikdäki işewürlik maslahatynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi we onuň türkmen-amerikan maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti bellenildi we Türkmenistanyň hem-de ABŞ-nyň uzak möhletleýin esasda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany türkmen-amerikan işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge, döwletara dialogy pugtalandyrmaga ýardam edýän netijeli işi üçin Erik Stýuarta minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ABŞ-nyň kompaniýalary bilen oňyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny goldaýandygyny we işewürlik geňeşi tarapyndan anyk tekliplere garamaga taýýardygyny belledi.

Erik Stýuart ABŞ-nyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen geljegi uly türkmen bazarynda orunlaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir gezek tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk oňyn tejribä daýanyp, uzak möhletlilik, özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Ýyldyz” myhmanhanasynda sişenbe güni türkmen-amerikan işewürlik forumy öz işine başlady.

2022