Hazarýaka döwletleriniň DIM-niň duşuşygyny Türkmenistanda geçirmek teklip edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hazarýaka döwletleriniň DIM-niň duşuşygyny Türkmenistanda geçirmek teklip edildi
Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy, 2023-nji ýylyň 5-nji dekabry, Moskwa, Russiýa.

Türkmenistan 2024-nji ýylda Hazarýaka döwletleriniň (Türkmenistan, Russiýa, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan) daşary işler ministrleriniň duşuşygyny ýurtda geçirmegi teklip edýär diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Hazarýaka döwletleriniň DIM-niň sişenbe güni Moskwada geçirilen duşuşygynda aýtdy. Bu barada TASS agentligi habar berdi.

“Şeýle duşuşyklary her ýyl ýurtlarymyzyň şäherlerinde gezekli-gezegine guramagyň zerurdygyny ýene bir gezek nygtaýarys. Sözümiň ahyrynda, Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň indiki duşuşygyny geljek ýyl Türkmenistanda geçirmegi teklip edýärin” diýip, Raşid Meredow duşuşykda eden çykyşynda aýtdy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Raşid Meredow öz çykyşynda Hazar deňzindäki energetika hyzmatdaşlygyny ýene bir möhüm we düýpli mesele hökmünde atlandyrdy. Duşuşykda Türkmenistanyň, umuman alanyňda, Hazarda suwasty infrastrukturanyň gurluşygynyň kenarýaka döwletleriň ykdysady zerurlyklaryny kanagatlandyrýandygy mälim edildi. Şeýle hem energiýa öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr ýurtlaryň peýdalarynyň hem-de bähbitleriniň deň göz öňünde tutulmagy esasynda Ýewraziýada energetika howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek üçin möhüm şert bolup hyzmat edýändigi bellenildi. 

Mundan başga-da, Hazarýaka döwletleriniň daşky gurşaw meseleleri boýunça ýakyn hyzmatdaşlyga taýýarlygy geçen ýylyň tomusynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň ylalaşyklaryna laýyklykda tassyklandy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen “Hazar daşky gurşaw başlangyjynyň” çäklerinde işjeň halkara gatnaşyklarynyň ýokary ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Beýannamasy kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022