Türkmenistanyň ýolbaşçylary Gyrgyzystanyň Prezidentini doglan güni bilen gutladylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ýolbaşçylary Gyrgyzystanyň Prezidentini doglan güni bilen gutladylar
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow we maşgalasy Aýgül Žaparowa (Surat: Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

“Siziň baştutanlygyňyzda Gyrgyz Respublikasynyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki ugurlarda uly üstünlikleri gazanandygyny bellemek guwandyryjydyr. Häzirki döwürde ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar çalt depginde ösýär we täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Döwletara hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge Siziň aýratyn üns berýändigiňiz we ägirt uly goşant goşýandygyňyz üçin minnetdarlygymy bildirýärin” diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gutlag hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow sişenbe güni Bişkek şäherinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nury Gölliýewi kabul etdi. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň milli habar agentligi “Kabar” habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti häzirki günde türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň strategiki hyzmatdaşlygyň täze derejesine ýetendigini aýtdy. Şeýle hem Sadyr Žaparow Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistany möhüm ykdysady hyzmatdaş hasaplap, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegine we hil taýdan ösmegine uly ähmiýet berýändigini nygtady.

2022