Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Türkiýäniň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda özara maýa goýum meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkiýäniň wise-prezidentiniň sosial ulgamda habar bermegine görä, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, söwda-ykdysady işleriň meselelerini we özara söwdanyň mukdaryny artdyrmak syýasatlaryny maslahatlaşdylar.
“Men saparymyzyň doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan Türkmenistan bilen ykdysady, durmuş-medeni gatnaşyklarymyzy has hem güýçlendirer diýip umyt edýärin we mähirli myhmansöýerligi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa sag bolsun aýdýaryn” diýip, Jewdet Ýylmaz belledi.
Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz sişenbe güni Aşgabada geldi. Jewdet Ýylmaz Türkmenistana saparynyň çäginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisine gatnaşar.