Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary işler ministriniň täze orunbasarlaryny belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary işler ministriniň täze orunbasarlaryny belledi
Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň daşary işler ministriniň täze orunbasarlaryny wezipä belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Wepa Hajiýewi daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyp, ony Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili hem-de Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerine belledi.

Ahmet Gurbanow Türkmenistanyň Eýrandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşadylyp, ol daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Berdiniýaz Mätiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Döwlet protokoly we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Serdar Muhammetdurdyýew, şol bir wagtda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

Mundan başga-da, mejlisiň gün tertibine Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022