TDHÇMB: Daşary ýurtly telekeçiler nah ýüplügini satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB: Daşary ýurtly telekeçiler nah ýüplügini satyn aldylar
Hünärmen nah ýüplüginiň önümçilik prosesine gözegçilik edýär, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda daşary ýurtly işewürler nah ýüplügini satyn aldylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewürleri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden, Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň telekeçileri ýerli kärhanadan nah ýüplügini satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar. Geleşikleriň umumy bahasy 3 million 769 müň 940 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Ýerli telekeçiler hem içerki bazar üçin jemi bahasy 6 million 192 müň manada deň bolan TPP D 30 S kysymly polipropileni we 7 million 500 müň manada barabar bolan şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, türkmen işewürleri türkmen el halysyny satyn aldylar. Bu önümi satyn almak boýunça baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy 84 müň 835,85 manada deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede geçirilen söwdalaryň umumy bahasy 83 million 643 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022