Türkmen alymlary ýerli ösümliklerden derman ýaglaryny döretmegi meýilleşdirýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen alymlary ýerli ösümliklerden derman ýaglaryny döretmegi meýilleşdirýärler
Dagda ösüp oturan arça agajy

Türkmen alymlary häzirki wagtda dürli ösümliklerden alnan efir ýaglary esasynda derman ýaglaryny öndürmek boýunça “Türkmenderman-Ajanta Farma Limited” türkmen-hindi kärhanasy bilen hyzmatdaşlykda iş alyp barýarlar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ýaş hünärmenleri, inženerler Sergeý Lisowenko we Daýanç Arazow dagy arçanyň dürli böleklerinden efir ýaglaryny almak we olaryň esasynda derman taýýarlamak üçin barlaghana şertlerinde ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Arça serwi agaçlar maşgalasyna degişli iňňe pürli ösümlikdir. Oňa “türkmen daglarynyň hojaýyny” hem diýilýär, çünki ol daglaryň ekologik ulgamlaryny emele getirýär. Onuň baldaklary, miweleri we iňňeleri halk tebipçiliginde bakteriýa garşy, zyýansyzlandyryjy, peşew çykaryjy, wirusa garşy, gakylyk çykaryjy we ýarany bitirýän tebigy serişde hökmünde giňden ulanylýar.

Alymlaryň pikirine görä, arça şahalarynda, takmynan, 0,73-0,87 göterim efir ýagy bar. Ol özboluşly ýakymly ysly sarymtyl suwuklykdyr. Ol çylşyrymly düzümi we dürli organik birleşmeleri öz içine alýar. Arçanyň efir ýagy peýdaly dermanlary almak üçin gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär.

2022