Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýtiň Emirine gynanç hatyny iberdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýtiň Emirine gynanç hatyny iberdi
Kuweýt Döwletiniň 86 ýaşynda aradan çykan Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabah. (Surat: Al Jazeera)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň aradan çykmagy zerarly türkmen halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size we maşgala agzalaryňyza ruhy durnuklylyk, sabyrlylyk bersin!” diýip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany dileg etdi hem-de merhumyň maşgala agzalaryna, ýakynlaryna, Kuweýt Döwletiniň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iberen hatynda Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň köp ýyllaryň dowamynda dürli wezipelerde işlemek bilen, Kuweýt Döwletiniň ösmegine uly goşant goşdygyny belledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022