Ýanwar-oktýabr: Türkmenistanyň GDA döwletleri bilen söwdasy $2,6 milliarddan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-oktýabr: Türkmenistanyň GDA döwletleri bilen söwdasy $2,6 milliarddan geçdi
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi, 2023-nji ýylyň 18-nji dekabry, Moskwa, Russiýa. (Surat: GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti)

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletler bilen daşary söwda dolanyşygy 2,6 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu ýurduň umumy daşary söwda dolanyşygynyň 16,5 göterimine deň bolýar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow duşenbe güni Moskwada geçirilen GDA agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisindäki çykyşynda aýtdy. Bu barada “Baku TV” teleýaýlymy habar berýär.

“Soňky ýyllarda Türkmenistanyň GDA döwletleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy aýdyň işjeňleşip, söwda-ykdysady aragatnaşygy okgunly pugtalandyrylýar, söwda zynjyrlarynyň işi gaýtadan dikeldilip, täze söwda bazarlary döredilýär” diýip, wise-premýer belledi.

Şeýle hem Hojamyrat Geldimyradow öz çykyşynda 2022-nji ýylda Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen daşary söwda dolanyşygynyň 3,2 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Türkmenistanda GDA agza döwletlere degişli bolan kompaniýalaryň gatnaşmagynda 478 sany maýa goýum taslamalarynyň hasaba alnandygyny nygtady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022