Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Iki döwletiň Baştutanlary netijeli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde, däp bolşy ýaly, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak esasynda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň wajyp ähmiýetiniň bardygy aýratyn nygtaldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleri iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň esasy üç ugurda işjeň alnyp barylýandygyny we tebigy gaz pudagy onuň esasy ugurlarynyň biridigni aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly orun eýeleýändigini nygtap, ylym, bilim, medeniýet, sungat, sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleri birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.