Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde we Mary welaýatynyň Mary şäherinde elektron enjamlary bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançalary gurulýar.
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň çarşenbe güni habar bermegine görä, ýurduň ähli welaýatlarynda gurulýan elektron enjamlary bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançalary üçin zerur bolan ulag serişdelerini, okuw enjamlaryny we materiallary satyn almaklyk meýilleşdirilýär.
Ähli isleg bildirýän taraplar gatnaşmak üçin “Tehniki tabşyrygy” “Türkmenawtoulaglary” agentliginden resmi ýüzlenme haty esasynda alyp bilerler.
Agentlikde bellenilişi ýaly, taraplaryň teklipleri 2024-nji ýylyň 3-nji ýanwaryna çenli “Türkmenawtoulaglary” agentliginde resmi hat esasynda kabul edilýär.