Miweli baglarda geçirilmeli gyşky çäreler

Hekim Ýusupow
Miweli baglarda geçirilmeli gyşky çäreler
Türkmen oba hojalyk institutynyň ag­ro­meý­dan­ça­syn­da ýaş baglara şe­kil ber­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler.

Miweli baglardan bol we ýokary hilli hasyl almak üçin olaryň esasy zyýankeşlerine we haşal otlara garşy göreşmek çärelerini yzygiderli alyp barmak zerur bolup durýar. Bu çäreler öz wagtynda geçirilmedik ýagdaýynda hasylyň ortaça 35-40 göterimi ýitýär, önümiň hili peselýär.

Miweli baglarda her ýylda ýokary hilli hasyl ýygnamaga ugrukdyrylan agrotehniki-mehaniki çäreleri geçirmeli. Şolardan çyrpmak, kesmek, baglara dogry şekil bermek, şahalary seýrekleşdirmek ýaly işler möhüm ähmiýete eýedir. Bu mehaniki çäreler howanyň ýylylygy 5-6 derejeden ýokary bolanda amala aşyrylýar.

Miweli baglara dekabr-ýanwar aýlarynda ýeterlik suw tutulmadyk bolsa, onda fewral aýynyň dowamynda bagyň her gektar meýdanyna azyndan bir gezek 2 müň kubmetr suw tutmak möhüm hasaplanylýar. Suw tutmak işleri 3-4 günüň dowamynda geçirilýär we agaçlaryň kökleri (2 metr çuňluga çenli) doly çyglandyrylýar. Gyş aýlarynda suw tutmak işleri kada laýyklykda geçirilen bolsa, onda baglaryň ösüş döwürlerinde suw tutmak 2 gezege çenli gysgaldylýar.

Miweli baglaryň geografiki ýerleşişine görä, ýanwar aýynda başlanan şekil bermek, kesmek, seýrekleşdirmek, ýaly işler fewral aýynda hem dowam etdirilýär. Alma, armyt, beýi, erik, ülje we garaly ýaly agaçlaryň köpçülikleýin sortlaryna ýarusly (gatlakly) şekil, şetdaly agajyna okara şekili berilýär.

Baglar doly miwe berip başlan döwründe olaryň sortlaryna laýyklykda, 8-10 ýaşa çenli kesim işleri geçirilýär. Kesim işleri geçirilende kölege berýän ýaş şahalar kesilip aýrylyp, aýratynlykda ösýän we täzeden emele gelen uzyn şahalar gysgaldylyp, miwe berýän şahalara öwrülýär. Güýçli şahalanýan sortlaryň we miwe berýän agaçlaryň şahalary kesilip, seýrekleşdirilýär.

Çigitli miweli baglara şekil bermek, şahalary seýrekletmek we kesmek işleri tamamlanandan soň, şänikli miweli baglara geçilýär. Munda ilki bilen, erik, garaly, ülje, alça we şetdaly ýaly agaçlar timarlanylýar. Fewral aýynyň ahyry, mart aýynyň başlarynda miweli baglaryň sütünlerine hek çalynýar. Munuň üçin 10 litr suwa 2 kilogram hek, 1,5 kilogram toýun garylyp, ergin taýýarlanylyp, agaçlaryň sütünleri heklenýär.

Miweli agaçlar kesilip, şekil berlenden soň, howanyň ýylylygy 5 dereje bolanda, agaçlar heniz pyntyk ýarmanka çigitli miweli baglarda goturlama (parşa), monolioz kesellerine garşy 3 göterimli bordost suwuklygy ýa-da 5 göterimli kükürtli-hekli gaýnamany 2 gezek (arasy 10-12 günden) pürkmeli.

Şeýle çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek miweli baglardan bol hasyly ýygnamagyň esasy girewi bolup durýar. 

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy Hekim Ýusupowyň "Bereketli türkmen topragy" gazetiniň 2023-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky sanynda çap edilen makalasy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022