Türkmenistanyň ýolbaşçylary Azerbaýjanyň Prezidentini doglan güni bilen gutladylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ýolbaşçylary Azerbaýjanyň Prezidentini doglan güni bilen gutladylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 2-nji marty, Baku, Azerbaýjan (Surat: Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Azerbaýjanyň döwlet Baştutanynyň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

"Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky uzakdan gaýdýan çuňňur dostluk gatnaşyklaryň okgunly ösmegini dowam etdirjekdigine hem-de ýurtlarymyza we halklarymyza bähbitleri getirjekdigine ynanýaryn" diýlip, Serdar Berdimuhamedowyň hatynda bellenýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Ilham Aliýewi doglan güni bilen gutlady.

"Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine berýän aýratyn ünsüňiz we uly goşandyňyz üçin Size minnetdarlyk bildirmek isleýärin" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidentine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022