Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topary döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topary döredildi
“Türkmenhowaýollary” agentligi “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly sergide, 2023-nji ýylyň 3-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara toparyny döretmek hakynda Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topary döredildi we şu toparyň düzümi, şeýle-de topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew ýurduň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara toparyny döretmek hakynda Kararyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabatynda Türkmenistanyň Howa kodeksine, “Ulag howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň degişli standartlaryna hem-de tejribesine laýyklykda, uçuşlaryň ýokary derejedäki howpsuzlygyny, durnuklylygyny, netijeliligini üpjün etmäge, bu ulgamda hukuk namalaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen utgaşykly işleriň geçirilendigini aýtdy.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurduň raýat awiasiýasyny kämilleşdirmek işinde onuň howpsuzlyk meselesine uly ornuň degişlidigini nygtady we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we beýleki meselelere garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022