Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynda täze ugurlary açmak meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynda täze ugurlary açmak meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Konstitusiýa binasy, Aşgabat şäheri.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurduň Adalatçysynyň diwanynyň gurluşynda çagalaryň, zenanlaryň we telekeçileriň hukuklaryny goramak boýunça täze ugurlary açmak meselesini öwrenmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Adalatçynyň diwanynyň gurluşynda täze ugurlary açmak meselesini öwrenmek teklibi Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň mümkinçiliklerini güýçlendirmek maksady bilen beýan edildi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen syýasy, durmuş-ykdysady, ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň Birleşen Milletler Guramasy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Türkmenistanyň döwlet Baştutany BMG bilen gatnaşyklarda ileri tutulýan ugurlara aýratyn üns bermegiň hem-de öňe sürülýän başlangyçlar boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtap, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we beýleki meselelere garaldy.

2022