Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) şenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda L-0,5-62 kysymly dizel ýangyjy satyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.
Owganystandan gelen işewür toparlaryň wekilleri jemi bahasy 14 million 75 müň ABŞ dollaryna deň bolan L-0,5-62 kysymly dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Habarda bellenilişi ýaly, birža söwdalarynda satylan dizel ýangyjy “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi.
Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ownuk görnüşli kaliý hloridini satyn aldylar. TDHÇMB-nyň bu söwdalarynda baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy 275 million manada barabar boldy.