Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 18 million 114 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Gruziýanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagyny hem-de dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Türkmen işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 290 million 591 müň manatdan gowrak bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ownuk däneli hlor kaliýsini, şeýle hem, el halylaryny, ýorgan-düşek toplumlaryny, nah ýüplügi, çig ýagly kislotany, pagta galyndylaryny satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.