Rus kompaniýalary Türkmenistanda 36 taslamany durmuşa geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Rus kompaniýalary Türkmenistanda 36 taslamany durmuşa geçirýär
“Wozroždeniýe” kompaniýasynyň “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergidäki diwarlygy, 2023-nji ýylyň 24-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan.

Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrligi häzirki wagtda rus kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň çäginde durmuşa geçirilýän 36 taslama gözegçiligi amala aşyrýar diýip, Russiýanyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Dmitriý Wolwaç Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça rus-türkmen hökümetara toparynyň çäklerinde  şu ýylyň 21-22-nji dekabrynda Moskwada geçirilen Söwda we maýa goýum boýunça ýokary derejeli toparyň 9-njy mejlisiniň barşynda mälim etdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministrligi duşenbe güni habar berdi.

Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Gurbanow, rus tarapyna hem Dmitriý Wolwaç başlyklyk etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, durmuşa geçirilýän degişli taslamalaryň bahasy 255 milliard rubla golaýlaýar. Häzirki wagtda şol taslamalaryň 11-si ulanmaga bermek, 21-si maýa goýum, 10-sy hem işjeň durmuşa geçirmek tapgyrlaryndadyr.

Şeýle hem dürli harytlary ibermek, infrastruktura, nebitgaz we metallurgiýa pudaklarynda taslamalar amala aşyrylýar.

Russiýanyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Dmitriý Wolwaç rus kompaniýalarynyň Türkmenistanda energetika desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, abatlamak we täzelerini gurmak babatda şeýle-de gämi gurluşygynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Türkmenistana dag-magdan enjamlaryny we üç bölekli magistral ýük teplowozlaryny getirmekde hyzmatdaşlyga, Gyzylarbat şäherindäki wagon abatlaýyş zawodyny döwrebaplaşdyrmaga, şeýle hem ýurduň demirýol ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de elektrikleşdirmek boýunça geljekki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar geljek ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça rus-türkmen hökümetara toparynyň mejlisi barada giňişleýin maslahatlaşdylar.

2022