Lebap welaýatynda lagym sorujy beket we suw eltýän ulgam açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebap welaýatynda lagym sorujy beket we suw eltýän ulgam açyldy
Hünärmen suw beketlerindäki işlere gözegçilik edýär, Lebap welaýaty, Türkmenistan.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesinde lagym suwlaryny bir ýere jemlemek üçin lagym sorujy beket we Çärjew etrabynyň Bitik geňeşliginde ýerleşýän bir gije-gündizde kuwwatlylygy 25 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgasyndan Çärjew etrabynyň ilatly nokatlaryna suw eltýän ulgam çarşenbe güni açylyp ulanylmaga berildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar bermegine görä, bu desgalaryň gurluşygyny “Ýaş türkmenler” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary amala aşyrdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, bu desgalar arassaçylygy we ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün edýän zerur şertleri döredýär.

“Ýaş türkmenler” hususy kärhanasynyň direktory Kerim Annaýew desgalaryň ikisinde hem işleri ýokary hilli ýerine ýetirmek maksady bilen öňde baryjy tehnologiýalaryň ulanylandygyny, kämil inženerçilik çözgütlerinden peýdalanylandygyny aýdýar.

Hususy kärhananyň tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

2022