Türkmenistanyň Prezidenti Täze ýyl mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Täze ýyl mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen ýurduň Baş arçasynyň ýanynda surata düşýär, 2023-nji ýylyň 28-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni ýurduň “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, Baş arçanyň ýanynda guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu ýerde köpöwüşginli baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyrylyp, merkezi “2024” ýazgyly sekizburçly ýyldyz bilen bezelen, beýikligi 44 metr, ini hem 16 metr bolan ýurduň Baş arçasy oturdylypdyr.

Körpeler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa taýýarlan goşgularyny tüýs ýürekden ýerine ýetirdiler we Türkmenistanyň döwlet Baştutany çagalar bilen bilelikde Täze ýyl arçasynyň ýanyna bardy.

Bu ýerde Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk hem-de tamamlanyp barýan 2023-nji ýylyň nyşany bolan towşanyň we ýetip gelýän 2024-nji ýylyň nyşany bolan luwuň keşbine giren çagalar türkmen halkynyň, ýaş nesilleriň adyndan Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl bilen gutladylar.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany körpeleriň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi we olara ajaýyp çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de çagalar bilen bilelikde arçanyň daşyndan aýlanyp, olaryň şatlygyny paýlaşdy.

Soňra dabara gatnaşan çagalaryň ählisine Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde ýadygärlik hökmünde ýurduň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurduň Söwda-senagat edarasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” jemlerine bagyşlanyp guralan köpugurly sergi bilen tanyşdy hem-de bu ýerde Täze ýyl mynasybetli guralan dabara gatnaşdy.

2022