TDHÇMB-da penşenbe güni $15,4 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da penşenbe güni $15,4 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy
Türkmenistanyň Söwda toplumynyň edara binasy, Arçabil şaýoly, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynyň jemi bahasy 15 million 442 müň 500 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Owganystanyň, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen B kysymly karbamidi satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçi jemi bahasy 3 million 150 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldy. TDHÇMB-da satylan bu önüm ýurduň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 18 million 114 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022