Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynyň jemi bahasy 15 million 442 müň 500 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.
Owganystanyň, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen “B” kysymly karbamidi satyn aldylar.
Içerki bazar üçin ýerli telekeçi jemi bahasy 3 million 150 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldy. TDHÇMB-da satylan bu önüm ýurduň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürildi.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 18 million 114 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.