Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Türkiýäniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we onuň ugurlaryny giňeltmek bilen bagly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň daşary işler ministri we türk ilçisi 2023-nji ýylyň 25-26-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä amala aşyran resmi saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda Raşid Meredow Türkiýäniň ilçisine türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmekde alyp baran işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we geljekki işinde üstünlik arzuw etdi.
Türkiýäniň ilçisi Togan Oral hem öz gezeginde Türkmenistanda diplomatik missiýasynyň durmuşa geçirilmegine goldaw we ýardam berendigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.