Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny täze – 2024-nji ýyly bilen gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany 2024-nji ýylyň Gündogar müçenamasy boýunça luw ýylydygyny belläp, geçip barýan ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze taryhynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylandygyny aýtdy.
“2024-nji ýyl beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak şanly senelere beslener. Biz halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň, taryhy-medeni mirasynyň goralyp saklanmagyna, ylmy esasda çuňňur öwrenilmegine we wagyz edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatymyzy mundan beýläk-de dowam etdireris” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlagynda nygtady.
Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň ýene-de 10 göterim köpdiljekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyna täze üstünlikleri, maşgala ojaklarynda agzybirligi, rysgal-berekedi arzuw etdi.