Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar özlerine gowşurylan sowgatlar bilen ýadygärlik surata düşýärler, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanda ýerleşýän Döwletliler köşgünde duşenbe güni Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalary Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlamak üçin bu ýere Aýazbaba we Garpamyk geldi. Şeýle hem çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşmaga Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem geldiler.

Ýaş zehinli çagalar dabara gatnaşýan myhmanlaryň öňünde çykyş edip, öz döredijilik başarnyklaryny görkezdiler.

Dabaranyň ahyrynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa özleri barada edilýän yzygiderli alada üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlaryny, gutlaglaryny aýtdylar.

2022