Täze ýylda dünýä inen çaga Arkadag diýip at goýuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Täze ýylda dünýä inen çaga Arkadag diýip at goýuldy
Ejesi täze – 2024-nji ýylda dünýä inen oguljygyny göterip otyr, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwary, Arkadag şäheri, Türkmenistan.

Täze – 2024-nji ýylda dünýä inen ilkinji çaga oglanjyk bolup, oňa ene-atasy Arkadag diýip at goýdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Bu çaga Arkadag şäherinde ýerleşýän Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde 2024-nji – “Paýhas-pähim ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda dünýä indi.

Türkmenistanyň habarlar portalynyň habar bermegine görä, Arkadag ady goýulan bu çaga Ahal welaýatynda ýaşaýan Kakageldiýewler maşgalasynyň üçünji çagasy boldy.

Täze dünýä inen çaganyň ene-atasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

2022