Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Ýaponiýanyň Işikawa sebitinde 1-nji ýanwarda 7,6 bala deň bolan ýertitreme we köpsanly ýer sarsmalar zerarly gapdala ýykylan bina. (Surat: Reuters)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Premýer-ministri Fumio Kisida Ýaponiýanyň merkezi sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Premýer-ministri Fumio Kisida Ýaponiýanyň merkezi sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Kyodo News” agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýada duşenbe güni 7,6 bala deň bolan ýertitreme hadysasy bolup geçdi we onuň netijesinde 57 sany adam wepat boldy.

2022