2023-nji ýylyň soňky hepdesi: TDHÇMB-da eksport söwdalary $25,1 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENİSTAN
2023-nji ýylyň soňky hepdesi: TDHÇMB-da eksport söwdalary $25,1 milliondan geçdi
TDHÇMB-nyň hünärmenleriniň birža söwdalaryny seljerýän pursady, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) 2023-nji ýylyň soňky hepdesinde geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 25 million 117 müň 900 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gyrgyz Respublikasyndan, Owganystandan, Russiýadan gelen telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen awiakerosini, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” markaly karbamidi satyn aldylar.

Şeýle-de birža söwdalarynda daşary ýurt walýutasyna Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümler satyldy.

Ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 11 million 505 müň 400 manatdan gowrak bolan nebit bitumyny, türkmen el halylaryny we dürli görnüşli dokma önümlerini satyn aldylar.

2022