TDHÇMB-da çarşenbe güni KO-20 kysymly yşyklandyryjy kerosin satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da çarşenbe güni KO-20 kysymly yşyklandyryjy kerosin satyldy
Türkmenistanyň Söwda toplumynyň edara binasy, Arçabil şaýoly, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda KO-20 kysymly yşyklandyryjy kerosin satyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Owganystandan we Maltadan gelen işewürler umumy bahasy 9 million 228 müň ABŞ dollaryna deň bolan KO-20 kysymly yşyklandyryjy kerosini satyn aldylar. Birža söwdalarynda satylan bu önüm “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi.

Şeýle hem içerki bazar üçin türkmen telekeçileri nah ýüplügini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 959,7 müň manatdan geçdi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 2023-nji ýylyň soňky hepdesinde geçiren söwdalarynyň jemi bahasy 25 million 117 müň 900 ABŞ dollaryna deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022