Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi (Surat: IRNA)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Prezidenti bilen mähirli salamlaşyp, Eýranyň Kerman şäherinde bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem bu waka bilen bagly gynanjyny bildirendigini we şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna türkmen halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we türkmen halkyna hemaýat beriji sözleri we duýgudaşlygy üçin hoşallyk bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary netijeli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde, däp bolşy ýaly, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak esasynda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Telefon söhbetdeşligiň ahyrynda söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Soňra, Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleri birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022