Dubaýda “Türkmennebit” bilen “Dragon Oil” Ähtnama gol çekdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dubaýda “Türkmennebit” bilen “Dragon Oil” Ähtnama gol çekdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeriň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 5-nji ýanwar, Dubaý, BAE.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-ne iş saparynyň çäklerinde anna güni Dubaý şäherinde “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäklerinde “Türkmennebit” döwlet konserni we “Dragon Oil” kompaniýasy özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi anna güni habar berdi.

“Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy türkmen halkynyň Milli Liderine Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, BAE-niň Prezidentiniň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň ägirt uly tejribesini hem-de Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, ýangyç serişdelerini gözlemek, özleşdirmek we çykarmak bilen meşgullanýan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýändigini nygtady.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň we taýýar nebit hem-de gazhimiýa önümleriniň eksportyny ýokarlandyrmak ýurduň milli ykdysadyýetiniň bu esasy pudagynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleridigini belledi.

Mundan başga-da, duşuşykda Birleşen Arap Emirliklerindäki hyzmatdaşlar we maýadarlar türkmen tebigy gazyny sebitiň ýurtlaryna we beýleki döwletlere ibermek üçin niýetlenilen gaz geçiriji infrastrukturanyň gurluşygy bilen baglanşykly täze energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çagyryldy.

“Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirip ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Baş edarasy BAE-niň Dubaý şäherinde ýerleşýän “Dragon Oil” kompaniýasy Türkmenistanda 2000-nji ýyldan bäri Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşygyň esasynda iş alyp barýar. Onuň işiniň esasy ugry Hazar deňzinde, “Çeleken” şertnamalaýyn çäkde uglewodorod serişdelerini çykarmak bilen baglanyşyklydyr.

Nebit kompaniýasy bolan “Dragon Oil” 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde özüniň täze edarasyny açdy

2022