Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli kärdeşi Jozef Baýden gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli kärdeşi Jozef Baýden gutlady
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jo Baýden (Surat: AFP)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýden maşgalasy bilen Täze ýyl mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

“Goý, bu baýramçylyk günleri bizi ynam, umyt we söýgi bilen birleşdirsin” diýlip, Jozef Baýdeniň maşgalasy bilen ugradan gutlag hatynda bellenilýär.

Şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa parahatçylyk arzuw etdi.

Mundan başga-da, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisi, Gresiýanyň Prezidenti Katerina Sakellaropulu, Moldowanyň Prezidenti Maýýa Sandu Täze ýyl baýramy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna gutlag hatyny iberdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022