Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenen ilçisini kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisi Ahmet Demirokyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 8-nji ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabatda Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň ýokary ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna hem-de hyzmatdaşlygymyzyň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky Türkmenistanda işe başlamagy bilen ýene bir gezek gutlady hem-de netijeli döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen jogapkärli diplomatik wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

2022