Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän tüwi arassalamak üçin ýöriteleşdirilen kärhana tüwi ösdürip ýetişdirýän hojalyklar üçin ýokary hilli tohum taýýarlap başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň demirgazyk welaýaty ýurtda şalyny iň köp öndürýänleriň biri bolup, her ýyl bu ýerde dürli görnüşdäki tüwiniň 35 müň tonnadan gowragy ýygnalýar.
S.Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän tüwi arassalamak üçin ýöriteleşdirilen kärhanadaky işler “Satake” nyşanly ýöriteleşdirilen enjamlary ulanmak bilen awtomatiki usulda amala aşyrylýar.
Şeýle hem kärhanada taýýar tohumlary uzak wagtlap saklamak üçin amatly şertleri döredýän häzirki zaman ammar desgalary bar. Taýýarlanan önümler häzirki zaman ýöriteleşdirilen enjamlar bilen enjamlaşdyrylan barlaghanada berk hil gözegçiliginden geçirilýär.