Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 1-2-nji dekabrynda Dubaý şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna (COP-28) gatnaşyjylaryň maslahatynyň ýigrimi sekizinji mejlisinde eden çykyşyndaky howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň howpsuzlygy baradaky milli garaýyşlaryň beýany, Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň resmi resminamasy hökmünde neşir edildi.
Türkmenistanyň DIM-niň sişenbe güni habar bermegine görä, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň çykyşyndaky bu beýan BMG-niň alty resmi dilinde neşir edildi we ýaýradyldy.
Beýannama Baş Assambleýanyň häzirki mejlisiniň gün tertibiniň “Adamzadyň häzirki we geljekki nesilleriniň bähbidine global howany goramak” hem-de “Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagy” bentleri boýunça neşir edildi.
Bu resminamada, hususan-da, Türkmenistanyň Global Metan borçnamasyna goşulmagy we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) bilen bilelikde BMG-niň Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi tehnologiýalary Sebit merkeziniň Türkmenistanda açylmagy üçin kanuny esas döredilendigi barada habar berilýär.
Resminamanyň düzümi bilen şu salgy boýunça tanyşyp bilersiňiz.