Türkmenistan bilen Saud Arabystany haj zyýaraty boýunça Ylalaşyga gol çekdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Saud Arabystany haj zyýaraty boýunça Ylalaşyga gol çekdi
Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2024-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty boýunça ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekmek dabarasy, Jidda, Saud Arabystany.

Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2024-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

Bu Ylalaşyga 2024-nji ýylyň 8-11-nji ýanwary aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde geçirilýän “Haj we umra hyzmatlary” atly maslahatyň we serginiň çäklerinde gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i çarşenbe güni habar berdi.

Türkmen tarapyndan bu maslahatyň işine Türkmenistanyň Müftüsi Ýalkap Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Şeýle hem “Haj we umra hyzmatlary” atly maslahata we sergä gatnaşmak üçin 80-den gowrak ýurtdan wekiliýetler Saud Arabystany Patyşalygyna geldiler.

Bu çäräniň esasy maksady zyýaratçylar üçin has amatly şertleri döretmek hem-de olaryň dini we medeni tejribelerini baýlaşdyrmak bolup durýar.

2022