Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2024-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.
Bu Ylalaşyga 2024-nji ýylyň 8-11-nji ýanwary aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde geçirilýän “Haj we umra hyzmatlary” atly maslahatyň we serginiň çäklerinde gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i çarşenbe güni habar berdi.
Türkmen tarapyndan bu maslahatyň işine Türkmenistanyň Müftüsi Ýalkap Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.
Şeýle hem “Haj we umra hyzmatlary” atly maslahata we sergä gatnaşmak üçin 80-den gowrak ýurtdan wekiliýetler Saud Arabystany Patyşalygyna geldiler.
Bu çäräniň esasy maksady zyýaratçylar üçin has amatly şertleri döretmek hem-de olaryň dini we medeni tejribelerini baýlaşdyrmak bolup durýar.