Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Mary welaýatynyň häkiminiň we onuň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasarynyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem-de onuň oba hojalyk pudagyna häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem maslahatda ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň hasyllylygyny artdyrmak, pagtanyň we bugdaýyň öndürilýän möçberini ýokarlandyrmak, şol bir wagtyň özünde, önümçilik, durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny yzygiderli gözegçilikde saklamak ýaly meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy welaýatyň oba hojalygynda alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, sebitde gurulýan dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekip, bina edilýän desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri iş maslahatynyň dowamynda welaýatyň häkiminiň orunbasaryna ýüzlenip, häzirki döwürde türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy üçin ähmiýetli bolan çäreleriň yzygiderli guralmagy babatda degerli maslahatlaryny aýtdy.
Mary welaýatynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy döwlet tarapyndan berilýän goldawlardan netijeli peýdalanyp, welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.